HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2023-nji ýylyň gyşy noldan aşakda bolan derejedäki rekordlary bilen Türkmenistanyň howa maglumatlarynyň taryhyna girer

Ýanwar 13, 2023 | 00:33 |59462
Şu günler Türkmenistany adatdan daşary aýazly howa gurşap aldy, ýurduň käbir sebitlerinde bolsa  noldan aşak derejedäki rekord görkezijiler bellige alyndy. Mysal üçin, şu gün irden paýtagtyň “Täze Zaman” ýaşaýyş toplumynda howanyň derejesini ölçeýjiniň görkezijisi -20 gradusy görkezdi, Aşgabadyň etegindäki Ýanbaşyň ýaşaýjylary bolsa -18 gradusy bellige aldylar.Şu günler Türkmenistany adatdan daşary aýazly howa gurşap aldy, ýurduň käbir sebitlerinde bolsa  noldan aşak derejedäki rekord görkezijiler bellige alyndy. Mysal üçin, şu gün irden paýtagtyň “Täze Zaman” ýaşaýyş toplumynda howanyň derejesini ölçeýjiniň görkezijisi -20 gradusy görkezdi, Aşgabadyň etegindäki Ýanbaşyň ýaşaýjylary bolsa -18 gradusy bellige aldylar.
Çeşme: orient.tm

Şu günler Türkmenistany adatdan daşary aýazly howa gurşap aldy, ýurduň käbir sebitlerinde bolsa noldan aşak derejedäki rekord görkezijiler bellige alyndy. Mysal üçin, şu gün irden paýtagtyň “Täze Zaman” ýaşaýyş toplumynda howanyň derejesini ölçeýjiniň görkezijisi -20 gradusy görkezdi, Aşgabadyň etegindäki Ýanbaşyň ýaşaýjylary bolsa -18 gradusy bellige aldylar.

Paýtagtda diňe günortanlar aýaz biraz gowşady we howanyň temperaturasy -11 gradusy görkezdi, bu bolsa güýçli ýel bilen bilelikde -15 -17 gradus ýaly duýuldy.

Türkmenistanda şunuň ýaly “sibir aýazlary” her ýyl bolmaýar. Soňky gezek şeýle sowuk derejeleri 2008-nji ýylda bolupdy. Indi 2023-nji ýylyň gyşy hem noldan aşakdaky rekord görkezijileri bilen ýatda galar. Hatda subtropik Esengulyda penşenbe güni irden howanyň temperaturasy -10.80 çenli aşak düşdi. Bu bolsa rekorddyr. Ozal iň pes -7,5 gradus temperatura 1935-nji ýylda bellige alnypdy diýip, “Meteožurnal” habar berýär.

Şu gün mary welaýatynyň Üçajy şäherçesinde -26,20 bellige alyndy, Türkmenabatda bolsa aýazyň derejesi -220 ýetdi. Munuň özi bu ýerde 1974-nji ýylda bellige alnan günüň -160 bolan şol wagtky rekord hasaplanylan iň pes temperaturasyndan 6 gradus aşak düşen sowukdyr.

Sarahsda hem noldan aşak derejedäki rekord görkeziji täzelendi – bu ýerde -17,90 gradus bellenildi. Bu ýerlerde iň pes temperatura 1977-nji ýylda -11,4o bilen bellige alnypdy. Emma bu häzirki görkezijiden birnäçe gradus ýylyrakdyr diýip, “Meteožurnal” ýazýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026