Habarlar

Ahal welaýatynda iki sany täze orta hünär okuw mekdebi peýda bolarAhal welaýatynda iki sany täze orta hünär okuw mekdebi peýda bolar

Ahal welaýatynda iki sany täze orta hünär okuw mekdebi peýda bolar

Ahal welaýatynda ýene iki sany tehniki orta hünär okuw mekdebi – Saçly Dursunowa adyndaky Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi we Berdimuhamet Annaýew adyndaky orta hünär okuw mekdebi dalaşgärler üçin gapylaryny giňden açar. Welaýatda bu bilim edaralarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly resminamalara Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kkabinetiniň mejlisinde gol çekdi – diýlip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.

Ýaponiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy öňe sürmäge niýet edýär - ilçi ÝamamotoÝaponiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy öňe sürmäge niýet edýär - ilçi Ýamamoto

Ýaponiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy öňe sürmäge niýet edýär - ilçi Ýamamoto

Ýaponiýa «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça alyş-çalyşy mundan beýläk-de öňe sürmegi niýet edinýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Ýamomoto Ýaponiýanyň imperatory Naruhitonyň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlikde aýtdy – diýlip, diplomatik wekilhananyň metbugat habarynda aýdylýar.