

Türkmenistan we TÜRKSOY bilelikdäki çäreleri taýýarlaýarlar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi.


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi.


2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna” we Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan kiçi futbol boýunça ýaryşy geçirdi.


Türkiýäniň parlamenti gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen “Botas” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň gurluşyna girizilen üýtgetmeleri tassyklady. Bu barada “Sabah” gazeti ýazýar.


Gyrgyzystanyň premýer-ministri Akylbek Žaparow respublikada ilkinji gün elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, ýurduň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy RIA Nowosti agentligine habar berdi.


Gazagystanyň parlamenti Türkmenistan bilen türkmen-gazak döwlet araçäginiň iş düzgüni hakynda ylalaşygy tassyklady – diýip, Gazagystanyň Parlamentiniň Majilisiniň resmi saýty habar berýär.


Hytaýda ilkinji ýüzýän deňiz ýel-energetika platformasy işlemeli ýerine eltildi – ol ýurduň günortasyndaky ada welaýat Haýnanyň Weýnan şäheriniň kenarýakasyndan 136 km uzaklykda ýerleşýän deňiz nebit ýatagyna goýberildi.


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Aleksandr Blohini RF-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy we bu wezipä Iwan Wolynkini belledi. Degişli Permanlar hukuk maglumatlary resmi internet portalynda çap edildi.


Türkmenistanda 7-nji aprel, anna güni Bütindünýä saglyk güni bellenýär. Baýramçylyk mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler gurnalýar.


Daşoguz welaýatynyň häkimligi orta bilim edaralarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


14-nji aprelde dokuz klubyň gatnaşmagynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlanýar. Ýaryşyň açylyşyndaky oýunda «Köpetdag» we «Şagadam» komandalary duşuşarlar.


Astrahan oblastynyň gurbernatory Igor Babuşkin Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşugynyň dowamynda Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda kadaly uçar gatnawyny ýola goýmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi – diýip, TASS habar berýär.


7-nji aprelde Aşgabatda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek üçin Çandybil şaýoly bölekleýin ýapylar we Bitaraplyk şaýoly — dolulygyna diýen ýaly ýapylar. Bu barada ORIENT-e sport çäresini gurnaýjylar gürrüň berdiler.


Türkmenistana saparynyň çäklerinde Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Türkmenbaşyda ýerleşýän prawoslaw buthanasyna knýaz Aleksandr Newskiýniň ikonasyny gowşurdy – diýip, «Astrahan 24» habar berýär.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türk kompaniýalaryny çagalar üçin önümleri öndürýän toplumyň, şeýle hem Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanynda derman serişdelerini öndürmek boýunça toplumyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy – diýip, TDH habar berýär.


Amerikan telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iňňe görnüşli koksyň önümçiligini, onuň esasynda bolsa — grafitirlenen elektrodlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça taslamany ýerine ýetirmeklige gyzyklanýarlar.