HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň kompaniýalary Türkmenistanda grafiti we wodorodyň çykarylyşyny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýärler

Aprel 06, 2023 | 12:52 |22813
Amerikan telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iňňe görnüşli koksyň önümçiligini, onuň esasynda bolsa —  grafitirlenen elektrodlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça taslamany ýerine ýetirmeklige gyzyklanýarlar.Amerikan telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iňňe görnüşli koksyň önümçiligini, onuň esasynda bolsa —  grafitirlenen elektrodlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça taslamany ýerine ýetirmeklige gyzyklanýarlar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet teleradiosy

Amerikan telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iňňe görnüşli koksyň önümçiligini, onuň esasynda bolsa — grafitirlenen elektrodlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça taslamany ýerine ýetirmeklige gyzyklanýarlar.

Bu barada Amerikanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň saparynyň çäklerinde Türkmenistana gelen Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň müdirliginiň baştutany Igor Ýurçenko gürrüň berdi – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Esasy inžener işläp çykarmalary TNGZT-iň hünärmenleri bilen eýýäm ara alnyp maslahatlaşyldy we ylalaşyldy, toplumyň kuwwatlyklaryna esaslanan önümçiligi durmuşa geçirmek gysga wagtyň içinde bolup geçer.

Şeýle hem kompaniýa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda kuwwatlygy 1 mln tonna bolan gaz kondensatynyň we nebitiň garyndysyny rektifikasiýa ediji täze desganyň gurluşygynyň taslamasyny hödürledi.

Häzirki wagtda grafit atom, metallurgiýa, himiýa we kosmetika pudaklarynda işjeň ulanylýar. Bu önüm bilen bazary üpjün edijileriň sany çäklidir. Dünýäde onuň çykarylyşynyň kemelmegi sebäpli, bu ugur boýunça Türkmenistanyň öňünde giň mümkinçilikler açylýar.

Şeýle hem kompaniýa Türkmenistanyň çäginde wodorody giňden öndürmek mümkinçiliginiň bardygyny belläp, daşky gurşawy goramak tehnologiýalaryna ünsi çekdi. Wodorod energiýanyň alternatiw çeşmesi hasaplanýar, ol ýangyjyň iň geljegi uly görnüşleriniň biridir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026