HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň parlamenti gaz merkezini döretmek üçin zerur bolan üýtgetmeleri tassyklady

Aprel 06, 2023 | 20:17 |8005
Türkiýäniň parlamenti gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen “Botas” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň gurluşyna girizilen üýtgetmeleri tassyklady. Bu barada “Sabah” gazeti ýazýar.Türkiýäniň parlamenti gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen “Botas” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň gurluşyna girizilen üýtgetmeleri tassyklady. Bu barada “Sabah” gazeti ýazýar.
Çeşme: sanayigazetesi.com.tr

Türkiýäniň parlamenti gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen “Botas” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň gurluşyna girizilen üýtgetmeleri tassyklady. Bu barada “Sabah” gazeti ýazýar.

Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmez mart aýynyň başynda Russiýanyň Türkiýede gaz merkezini döretmek teklibi baradaky meseläniň ara alyp maslahatlaşmak üçin mejlise hödürlenjekdigini habar berdi, taslamany durmuşa geçirmek üçin kanunçylyk üýtgetmeleri zerur.

“Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanun taslamasy hususy pudagyň tebigy gazy import etmegine ýol açar. Türkiýäni energiýa merkezine öwürmek üçin “Botas” kompaniýasynyň gurluşy üýtgediler” – diýip, gazetde bellenilýär. Üýtgetmelere laýyklykda, täze bölümler we kompaniýalar dörediler.

“Botasyň işini bölmek we üýtgedip gurmak maksady bilen dörediljek kompaniýalaryň alyp barjak işleri, maýasy we paýnama gurluşy, şeýle hem geçirilmegi we şuňa meňzeş amallar bilen baglanyşykly meseleler Prezidentiň karary bilen düzgünleşdiriler” – diýlip, neşirde ýazylýar.

Mundan başga-da, tebigy gaz importynyň “Botas” we hususy pudagyň ýuridiki şahslary üçin liberallaşdyryljakdygy barada bellenilýär. Ýöne bu düzgünler suwuklandyrylan tebigy gazyň (LNG) we turbageçiriji arkaly üpjün edilýän spot gazynyň importyna degişli däldir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026