Habarlar

Ärdogan Türkiýäniň wise-prezidentini we 15 ministri çalyşdyÄrdogan Türkiýäniň wise-prezidentini we 15 ministri çalyşdy

Ärdogan Türkiýäniň wise-prezidentini we 15 ministri çalyşdy

Şenbe güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Jewdet Ýylmazy respublikanyň wise-prezidenti wezipesine belledi. Ozal Ýylmaz prezidentiň ýolbaşçylyk edýän Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bolup işledi. Wise-prezident wezipesi ilkinji gezek 2018-nji ýylda Türkiýede hökümet görnüşiniň üýtgemeginden soň ýüze çykdy we bu wezipäni ilkinji bolup Fuat Oktaý eýeledi.

Tokaýyň gözi we ylgaýan adam: Malewiç seýilgähinde täze döredilen sungat eserleriTokaýyň gözi we ylgaýan adam: Malewiç seýilgähinde täze döredilen sungat eserleri

Tokaýyň gözi we ylgaýan adam: Malewiç seýilgähinde täze döredilen sungat eserleri

Adaty bolmadyk açyk asmanyň aşagynda häzirki zaman sungat sergisiniň ikinji bölümi Malewiç seýilgähinde görkezildi. Özboluşly «muzeý» 2020-nji ýylyň ahyrynda, Moskwadan 25 km uzaklykda, Razdory obasynda döredildi. Bu ýer rus awangardçysy Kazimir Malewiçiň ady berildi we seýilgähdäki sungat eserleri suprematizme we suratkeşiň döredijiligine degişlidir diýip, RIA Nowosti habar berýär.