HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Ärdoganyň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşýar

Iýun 03, 2023 | 20:14 |12233
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan şenbe güni Ankaranyň mejlisinde
geçirilen dabarada üçünji bäş ýyllyk prezidentlik möhletine kasam kabul etdi.Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan şenbe güni Ankaranyň mejlisinde
geçirilen dabarada üçünji bäş ýyllyk prezidentlik möhletine kasam kabul etdi.
Çeşme: tccb.gov.tr

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan şenbe güni Ankaranyň mejlisinde geçirilen dabarada üçünji bäş ýyllyk prezidentlik möhletine kasam kabul etdi.

Kasamyň "Prezident hökmünde men döwletiň barlygyny we garaşsyzlygyny, watanyň bölünmez bitewiligini, milletiň şertsiz özygtyýarlylygyny goramaga kasam edýärin" diýen bölegi türk lideriniň metbugat gullugynda berilýär.

Ärdoganyň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmak üçin Ankara şäherine 70 ýurduň wekilleri, şol sanda 30 döwlet we hökümet baştutanlary geldi. Ýokary derejeli myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem Azerbaýjanyň, Wenesuelanyň, Bolgariýanyň, Günorta Afrikanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň prezidentleri we beýlekiler bar.

Hökümet baştutanlarynyň arasynda Wengriýanyň, Ermenistanyň, Liwiýanyň, Päkistanyň we beýleki ýurtlaryň premýer-ministrleri bar. Russiýa we Hytaý hem ýokary derejede wekilçilik edýär.

Resmi kasam kabul edişlikden soň wezipe borçlaryna hökümete ýolbaşçylyk etmek girýän Ärdogan Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tanyş eder.

Prezident Ärdogan Çankaýa köşgünde daşary ýurtly myhmanlarynyň hormatyna agşamlyk naharyny berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026