Tokaýyň gözi we ylgaýan adam: Malewiç seýilgähinde täze döredilen sungat eserleri


Adaty bolmadyk açyk asmanyň aşagynda häzirki zaman sungat sergisiniň ikinji bölümi Malewiç seýilgähinde görkezildi. Özboluşly «muzeý» 2020-nji ýylyň ahyrynda, Moskwadan 25 km uzaklykda, Razdory obasynda döredildi. Bu ýer rus awangardçysy Kazimir Malewiçiň ady berildi we seýilgähdäki sungat eserleri suprematizme we suratkeşiň döredijiligine degişlidir diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Taslama Tretýakow galereýasynyň we Moskwa sebitiniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldawy bilen döredildi. Serginiň birinji bölümi 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda görkezildi. Indi ýene bäş obýekt bilen onuň üsti dolduryldy. Olaryň arasynda Alla Urbanyň «Duşuşygy» bar. Taslamany gurnaýjylaryň metbugat beýanatynda bu eser «tokaýyň ajaýyp gözleri» diýlip atlandyryldy.

Adam bilen çäksiz asmanyň arasyndaky gatnaşyklar mowzugy Leonid Tişkowyň «Kosmos kubasy»" eserinde ýerleşdirildi. Çeper eser suratkeşiň triptihini tamamlaýar – ilkinji iki obýekt «Hususy Gün» we «Hususy Aý» geçen güýzde seýilgähde ýerleşdirildi.

Suratkeş, matematik we binagär Aleksandr Konstantinowyň «Reňkli agaçlar» Malewiçiň seýilgähinde ösüp ulaldy. Onuň işi takyk hasaplamalara esaslanýar. Ussanyň taslamalary dünýäni geometriýanyň kanunlaryna laýyklykda tertipleýär. Seýilgähde Roman Ýermakowyň «Durnukly kompozisiýasy» hem peýda boldy.

«Gar-ak monumental skulptura «Bäşinji ölçegiň tans oky» awtorlyk seriýasyna girýär. Ol beýleki köp reňkli we çylşyrymly deňagramly zatlaryň arasynda her täze «tansyň» görnüşleri we ýagdaýlary üçin başlangyç nokat hökmünde çykyş edýär»,-diýp metbugat gullugynda düşündirdiler.

Girişde seýilgähiň myhmanlaryny başga bir sungat obýekti – Igor Şelkowskiniň «Ylgaýan adam» eseri garşylaýar. Onuň ägirtligi, suratkeşiň 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri döredýän eserleriniň bir bölegidir. Ondan öň bu ýoly Şelkowskiniň başga bir heýkeli - «Oturan adam» açdy. Häzir ol lipa alleýasyna «göçdi».

«Malewiç seýilgähindäki serginiň ikinji bölümi myhmanlara diňe bir rus awangardynyň sungatyndan pikir döreden sungat işgärleriniň täze atlaryny açmaz. Eýsem ol Moskwanyň we Moskwa sebitiniň myhmanlary we ýaşaýjylary üçin medeni we intellektual dynç alyş meýdançasyna öwrüler diýip umyt edýäris»,-diýip Tretýakow galereýasynyň ylmy işler boýunça baş müdiriniň orunbasary Tatýana Karpowa aýtdy.

ORIENT news








