

Telekeçiler mekdebi “Sanly marketing” boýunça täze ugur açýar
Telekeçiler mekdebi Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky şahamçalarynda "Sanly marketing we sanly mahabat" atly täze bilim programmasyny açýar.


Telekeçiler mekdebi Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky şahamçalarynda "Sanly marketing we sanly mahabat" atly täze bilim programmasyny açýar.


"Türkmenistan" awiakompaniýasy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky howa gatnawlaryny gaýtadan ýola goýdy. “Türkmenhowaýollary” agentliginde “Orient”-e habar bermeklerine görä, Aşgabatdan Almaty şäherine uçuşlar hepdede bir gezek - anna güni Boeing-737 uçarynda amala aşyrylýar.


Duşenbe güni, 5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $6,4 mln amerikan dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň hususy dokma kompaniýalary Beýik Britaniýadan, Hytaýdan, BAE-den, Türkiýeden, Gyrgyzystandan we Azerbaýjandan bolan satyn alyjylar bilen barha köp geleşikleri baglaşyp, ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen eksporty artdyrýarlar.


Türkmenistanyň ýygyndysy 12 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda 5-nji iýunda başlanan Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň ikinji tapgyrynda Owganystanyň toparyny ýeňdi.


Gazagystan Russiýadan Özbegistana gazy üstaşyr geçirmek üçin zerur bolan infrastrukturany üpjün etmäge taýýar. Bu barada ýurduň energetika ministri Almasadam Satkaliýew Gazagystanyň parlamentiniň gaz pudagynyň ýagdaýy baradaky mejlisinde aýtdy.


6-njy iýunda Ankarada prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň başlyklyk etmeginde Türkiýäniň täze Ministrler Kabinetiniň birinji mejlisi geçiriler – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.


Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça milli meýilnamalara ilatyň ykjam hereket etmegini goşmak, şeýle hem bu ugurdaky öňdebaryjy tejribe Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Ýurt edarasynyň we Türkmenistandaky BMGÖM-nyň iki günlük seminarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


11-nji iýundan başlap Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ Aşgabat-Awaza-Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyna badalga berer – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär.


Her ýylda Kaliforniýada, ABŞ-da geçirilýän işläp düzüjileriň Bütindünýä maslahatynda (WWDC) Apple kompaniýasy özüniň birnäçe täze önümlerini görkezdi.


SpaceX Falcon 9 raketa göterijiniň Starlink kiçi-hemralarynyň 22-siniň orbita çykarandygyny habar berdi.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasyndan 25 işgär Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) howandarlygynda USAID-iň maliýe taýdan goldaw bermeginde hünär etikasy boýunça guralan seminara gatnaşdylar.


Iki ýurduň telekeçiler düzümleriniň gatnaşmagyndaky nobatdaky Türkmen-eýran işewürlik-forumyny 17-nji iýunda Maşatda geçirmek bellenildi. Bu barada Eýranyň söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalyk palatasynyň portaly ýazýar – diýip, Tehran Times habar berýär.


Belarusda synag görnüşinde GDA ýurtlarynyň II Oýunlary açyldy – diýip, Belteleradiokompaniýasy habar berýär. Şeýle hem operatiw-utgaşdyryjy merkez işläp başlady.


Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tanyşdyrylyş sapary bilen Hytaýda boldular.