HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen gümrükçileri hünär etikasyny ösdürmek boýunça seminar geçdiler

Iýun 06, 2023 | 13:31 |7749
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasyndan 25 işgär Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) howandarlygynda USAID-iň maliýe taýdan goldaw bermeginde hünär etikasy boýunça guralan seminara gatnaşdylar.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasyndan 25 işgär Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) howandarlygynda USAID-iň maliýe taýdan goldaw bermeginde hünär etikasy boýunça guralan seminara gatnaşdylar.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasyndan 25 işgär Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) howandarlygynda USAID-iň maliýe taýdan goldaw bermeginde hünär etikasy boýunça guralan seminara gatnaşdylar.

Olar Bütindünýä gümrük guramasynyň gümrük edaralarynda sap ýüreklilik we aýdyňlyk babatyndaky gurallary bilen, bähbitleriň gapma-garşylygyny dolandyrmakda öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdylar.

BGG-nyň halkara bilermenleri Da Silwa we Daşgin Aliýew, şeýle hem Şri-Lankanyň gümrükhanasynyň gözegçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary Nandika Sanat Kumanaýke seminara gatnaşyjylary gümrük edaralarynyň degişli dolandyryş we edeplilik hakynda Aruşa jarnamasy bilen tanyşdyrdylar.

Aruşa jarnamasy BGG-nyň göçme sessiýasynda Aruşa şäherinde, Tanzaniýada 1993-nji ýylda kabul edilipdi. Onda netijeli dolandyryşyň we gümrük edaralaryndaky gulluk etikasynyň ýörelgeleri bellenilendir. Olaryň arasynda 10 ýörelge – ýolbaşçylyk orny we işe wepalylyk, aýdyňlyk, awtomatlaşdyrma, audit we derňewleri geçirmek, özüňi alyp barmagyň kodeksi we beýlekiler bar.

Aruşa jarnamasynyň ýokarda görkezilen ýörelgelerinden özüňi alyp barmagyň toplumlaýyn kodeksiniň işlenip düzülmegine, aýan edilmegine we kabul edilmegine esasy ähmiýet berilýär, olar tutuş gümrük işgärleriniň özüni alyp barmagynyň aýdyň düzgünlerini kesgitleýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026