Apple iOS 17, hakykylyk bilen üsti ýetirilen garnitura we täze çykarylan başga zatlar bilen tanyşdyrdy


Her ýylda Kaliforniýada, ABŞ-da geçirilýän işläp düzüjileriň Bütindünýä maslahatynda (WWDC) Apple kompaniýasy özüniň birnäçe täze önümlerini görkezdi.
Tanyşdyrylyşda ilkinji bolup 15-dýuýmly MacBook Air görkezdiler, Apple kompaniýasynyň tassyklamagyna görä, ol iň inçe 15-dýuýmly noutbukdyr. Gurluşyň galyňlygy — 11,5 mm, agramy — 1,49 kg.
MacBook Air 6 dinamikaly täze ses ulgamy we durulygy 1080 p deň bolan FaceTime HD kamerasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Noutbuk 18 sagada çenli zarýad alman işläp bilýär.
Şeýle hem Apple Mac Studio we Mac Pro görkezdi — «haçanda bir wagt döredilen iň güýçli iki Mac». Mac Studio M2 Max we täze M2 Ultra prosessorlary bilen elýeterli bolar, olar Mac Studio-nyň öňki nesillerine garanyňda üç esse tizdir we Intel prosessorly iMac-dan alty esse çalt işleýändir.
MacBook Air, Mac Studio we Mac Pro sargyt etmek eýýäm açyk. Olar 13-nji iýunda satuwa çykarylarlar.
Apple-iň programma üpjünçiligi boýunça uly wise-prezidenti Kreýg Federigi täze kommunikasion funksiýalary, intellektual girizmesi, maglumat alyşmagy gowulandyrylan we beýleki üýtgemeleri bolan iOS 17 ykjam operasion ulgamyny görkezdi.
Täze önümleriň arasynda şeýle hem — Vision Pro atly hakykylyk bilen üsti ýetirilen garnitura, Mac OS Sonoma, iPadOS 17 we WatchOS 10 operasion ulgamlary bar.
ORIENT habarlar








