HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: awtoulag benzini, STG we ýeňil senagatynyň önümleri ýokary islege eýe boldular

Iýun 07, 2023 | 12:21 |5531
Sişenbe güni, 6-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $14,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 14 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 6-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $14,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 14 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Sişenbe güni, 6-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $14,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 14 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den gelen telekeçiler A-92 kysymly awtoulag benzininiň 10 müň tonnasyny satyn aldylar, ýangyjyň her tonnasyna $725,25 amerikan dollary baha berdiler. Geleşikleriň jemi bahasy $7,2 mln amerikan dollaryndan geçdi.

BAE-den we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gazyň 15 müň tonnasyny satyn almak üçin geleşik baglaşdylar. STG-yň her tonnasyna $339,20 amerikan dollary baha berildi. Geleşikleriň jemi bahasy $5 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Türkiýeden gelen kompaniýa 451,5 müň kg nah ýüplügiň dürli görnüşlerini satyn almak üçin geleşikleri baglaşdy, önümiň her kg üçin $1,95 amerikan dollaryndan $2,25 amerikan dollary möçberinde baha berildi. Baglaşylan geleşikleriň bahalary $955,6 müň amerikan dollaryndan geçdi.

Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri flanel matasynyň 5,2 mln inedördül metrini $1,4 mln amerikan dollaryna satyn aldy (her inedördül metriniň bahasy - $0,27).

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026