Habarlar

Germaniýanyň Goetzpartners kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabat şäherine iş sapary bilen geldiGermaniýanyň Goetzpartners kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabat şäherine iş sapary bilen geldi

Germaniýanyň Goetzpartners kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabat şäherine iş sapary bilen geldi

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Goetzpartners kompaniýasynyň (Mýunhen, Germaniýa) ýolbaşçylary kabul edildi. Ýewropanyň öňdebaryjy maslahat beriş kompaniýalarynyň biriniň wekiliýeti bilen gepleşikleri Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew geçirdi.

Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda ÝHHG-nyň prezidenti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga baha berdiDaşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda ÝHHG-nyň prezidenti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga baha berdi

Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda ÝHHG-nyň prezidenti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga baha berdi

ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Margaret Sederfelt we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew duşuşygyň dowamynda döwlet we syýasat pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini, parlament diplomatiýasyny we energetika, daşky gurşaw howpsuzlygy pudagynda, ynsanperwer ölçeg meselelerinde ýaşlaryň parlamentarizmini ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.