

Şwesiýada saklanýan 800-e golaý gadymy golýazma Özbegistana “göçer”
Gadymy türki golýazmalar häzirki wagtda Şwesiýanyň Uppsala we Lund uniwersitetleriniň kitaphanalarynda saklanýar. Kitap neşirleriniň ýeke-täk gadymy nusgalary XIX we XX asyrlarda şwesiýaly missionerler tarapyndan ýygnaldy. Kitaphana gorlarynda türki eserleriň jemi 858-si saklanýar, olaryň 500-den gowragynyň dublikaty bar we olaryň hemmesi Özbegistana ugradylar – diýip, upl.uz habar berýär.




















