

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň agyr atletika ýaryşynda türkmen türgeni bürünç medal gazandy
GDA-nyň II oýunlarynda türkmen agyr atletikaçy Sangiza Bahtiýarowa bürünç medala eýe boldy.


GDA-nyň II oýunlarynda türkmen agyr atletikaçy Sangiza Bahtiýarowa bürünç medala eýe boldy.


Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäheri Çingiz Aýtmatowyň 95 ýyllygyna bagyşlanan Merkezi Aziýa ýaşlar forumyna gatnaşyjylary garşy aldy. AKIpress agentliginiň berýän habaryna görä, köpsanly delegatlaryň arasynda Türkmenistandan gelen ýaşlar hem bar.


Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda Osakada geçiriljek Expo 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygyna garaldy. Duşuşyga diplomatlardan başga-da Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri hem-de milli pawilýonyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tabşyrylan Belli ES türkmen kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.


Olar Russiýanyň paýtagtynda II Halkara çagalar medeni forumyna ýygnanan beýleki 2000 çaganyň arasynda bolar. Çäre 10-njy awgustda başlar we 12-nji ýyla çenli dowam eder.


Türkmenistanyň ÝOM-leri bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri Sukuba uniwersiteti 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ýapon we daşary ýurtly talyplar üçin türkmen dili kurslaryny açýar.


Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýurtdaky işini tamamlaýan Niderlandlaryň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Andre bilen duşuşdy.


8-nji awgustda 15 ýaşly ýaýçy Ezizmuhammet Sähedow GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen ýygyndy toparynyň gaznasyna ýene bir bürünç medal getirdi. Ol şahsy hasap boýunça hormat münberiniň üçünji basgançagy ugrundaky göreşde 7:1 hasabynda russiýaly Sodnom Budaýewden öňe geçdi.


Nury Halmamedow adyndaky Moskwanyň «Dutaryň sesleri» festiwaly aýdym-saz dünýäsinde täze bir uly çäräni - «Köp medeniýetli giňişlikde milli kompozitor mekdepleriniň döremegi meselesi» atly halkara ylmy we amaly konferensiýany hödürleýär.


BMG-niň Ösüş Maksatnamasy her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilýän Ýaşlaryň halkara güni mynasybetli onlaýn arkaly çärä badalga berer.


Türkmenistan şu ýylyň birinji ýarym ýyllygynda Özbegistana gezmäge baran syýahatçylarynyň sany boýunça dünýä döwletleriniň arasynda altynjy orny eýeledi. Jemi goňşy respublika 29,5 müň türkmen raýaty gezmäge bardy diýip Trend habar berýär.


Festiwalyň açylyş dabarasyna şeýle hem, rus operaçysy Ildar Abdrazakow, Azerbaýjanyň Halk artisti Elçin Azizow, eýranly sazanda Mehdi Hosseýni we beýleki meşhur sungat ussatlary gatnaşar. Festiwala daşary ýurtly myhmanlar we Russiýanyň raýatlary çagyryldy.


Ýaponiýada saparda bolan ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümindäki Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlary seýsmiki töwekgelçilikleri peseltmek ulgamynda ýapon kärdeşleriniň tejribesini öwrendiler. Sapar BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy. Bu taslama iň täze tehnologiýalaryň kömegi bilen Aşgabatda seýsmiki howpa toplumlaýyn baha bermegi göz öňünde tutýar.


Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy maglumatlary simsiz alyşmaga ýardam berýän NearLink atly täze tehnologiýany işläp taýýarlady. Ol özünde Bluetooth we Wi-Fi tehnologiýalarynyň iň gowy taraplaryny özünde jemleýär.


Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Yhlas Narimanow 7-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde tamamlanan mekdepleriň arasynda küşt boýunça dünýä çempionatynyň çäginde şahsy bäsleşikde kümüş medal gazandy.


Hindistanyň «Çandraýan-3» awtomatlaşdyrylan Aý stansiýasy, geçen şenbe güni üstünlikli çykylan Aýyň golaýyndaky orbitadan alnan ilkinji suratlary iberendi diýip, Hindi älem gözleg guramasy (ISRO) habar berdi.