Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Gyrgyzystanda geçiriljek ýaşlar forumyna türkmen wekiliýeti gatnaşar

Awgust 09, 2023 | 00:20 |6577
Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäheri Çingiz Aýtmatowyň 95 ýyllygyna bagyşlanan
Merkezi Aziýa ýaşlar forumyna gatnaşyjylary garşy aldy. AKIpress agentliginiň berýän
habaryna görä, köpsanly delegatlaryň arasynda Türkmenistandan gelen ýaşlar hem bar.Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäheri Çingiz Aýtmatowyň 95 ýyllygyna bagyşlanan
Merkezi Aziýa ýaşlar forumyna gatnaşyjylary garşy aldy. AKIpress agentliginiň berýän
habaryna görä, köpsanly delegatlaryň arasynda Türkmenistandan gelen ýaşlar hem bar.
Çeşme: AKIpress

Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäheri Çingiz Aýtmatowyň 95 ýyllygyna bagyşlanan Merkezi Aziýa ýaşlar forumyna gatnaşyjylary garşy aldy. AKIpress agentliginiň berýän habaryna görä, köpsanly delegatlaryň arasynda Türkmenistandan gelen ýaşlar hem bar.

Duşuşyk 10-11-nji awgustda Çolpan-Atadaky Issyk-Kul kölüniň kenarynda geçiriler. Çäräniň maksady ýaşlaryň we jemgyýetiň ösüşine goşant goşup, pikir alyşmak, bilim we tejribe paýlaşmak üçin platforma döretmekden ybarat. Maslahata Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlaryndan ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary, aktiwistler, döwlet we hökümete dahylsyz guramalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Ýaşlar dürli derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Mysal üçin, häzirki zaman dünýäsinde medeniýetiň tutýan orny we ýaşlaryň şahsyýetiniň we milli aňynyň kemala gelmegi, sebitde döredijilik pudaklarynyň ösmegi we bu pudagyň sosial-medeni dürlülige goşýan goşandy barada pikir alyşarlar. Şeýle hem gün tertibine oba hojalygyndaky innowasiýalar, ýaş döwlet işgärleri we başga meseleler girýär.

Forum Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan gurnaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026