HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Ýaponiýa Osakada geçiriljek Expo 2025 sergisine gatnaşmaga taýýarlygyň barşyna garadylar

Awgust 08, 2023 | 23:01 |7093
Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda Osakada geçiriljek
Expo 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň
gurluşygyna garaldy. Duşuşyga diplomatlardan başga-da Ýaponiýanyň
Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri hem-de milli pawilýonyň
taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tabşyrylan Belli ES türkmen kompaniýasynyň
wekilleri gatnaşdylar.Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda Osakada geçiriljek
Expo 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň
gurluşygyna garaldy. Duşuşyga diplomatlardan başga-da Ýaponiýanyň
Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri hem-de milli pawilýonyň
taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tabşyrylan Belli ES türkmen kompaniýasynyň
wekilleri gatnaşdylar.
Çeşme: asia.nikkei.com

Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda Osakada geçiriljek Expo 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygyna garaldy. Duşuşyga diplomatlardan başga-da Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri hem-de milli pawilýonyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tabşyrylan Belli ES türkmen kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýapon tarapy 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda geçiriljek sergä gatnaşmak boýunça türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy belläp geçdi.

Expo 2025 Osaka sergisiniň "Durmuşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döretmek" atly mowzugy adamlary nädip ýaşamak isleýändikleri we öz mümkinçiliklerinden nähili peýdalanyp boljakdygy hakda oýlanmaga mejbur edýär. Bu tema şeýle hem, adamlaryň nähili ýaşamak isleýändikleri baradaky pikirlerini goldaýan durnukly jemgyýet gurmakda halkara jemgyýetçiliginiň bilelikdäki döredijiligine höweslendirmäge gönükdirilendir.

Serginiň mowzugy ömri halas etmek, durmuşy hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de ömürleri birleşdirmek ýaly ugurlara bölünýär. Saving Lives saglygy goraýyş, howpsuzlyk üpjünçiligi, betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak we tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy öz içine alýar.

Empowering Lives adamlaryň durmuşynyň hiline we uzak aralykdan bilim ýaly mümkinçilikleri giňeltmäge ünsi jemleýär. Connecting Lives jemgyýetiň gatnaşygy, hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki döredijiligiň güýjüne, öňdebaryjy kommunikasiýalara we maglumatlara esaslanýan geljegi taslamaga gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026