Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimhamedow Gyrgyzystanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Awgust 31, 2023 | 11:37 |6052
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we özüniň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da ýokarlandyrmakda uly netijeleri gazandy” diýlip, hatda aýdylýar.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda döwletara dialogyň täze ugurlary we pudaklary öz içine alýandygyny hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen öňden gelýän hoşniýetli dostluk däplerine esaslanyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hatda Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026