Türkmenistanyň täze ilçisi Özbegistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy


Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 30-njy awgustda Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredowdan ynanç hatlaryny kabul etdi.
Türkmenistan iň ýakyn goňşymyz bolup, biz ençeme asyrlap bile ýaşap gelýäris, umumy dilimiz, dinimiz we däp-dessurlarymyz bar, diýip özbek Lideri dabarada belläp geçdi.

Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda - syýasatda, parlamentara gatnaşyklarynda, söwda we ykdysadyýetde şeýle-de ulag, energiýa, suw we oba hojalygy, şeýle hem medeni we ynsanperwer ugurlarda täze derejä ýetendigi kanagatlanma bilen beýan edildi.
Özbegistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine eden soňky saparynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen netijeli gepleşikler strategiki hyzmatdaşlygyň has hem çuňlaşmagyna sebäp boldy diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň web sahypasyndaky habar berilýär.

"Söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we belli taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag we üstaşyr ýükleri köpeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar" – diýip Özbegistanyň Lideri belledi.
Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki öňdebaryjy halkara we sebit guramalarynyň çäginde ýakyn köptaraplaýyn gatnaşyklary, esasan hem ýakyn gepleşikleri we özara goldaw tejribesini dowam etdirmek barada aýdyldy.
ORIENT news








