Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Duşanbe şäherinde Bilelikdäki beýannamany we beýleki resminamalary kabul ederler


Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatia duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilmek üçin bäş resminamadan ybarat bukja taýýarlanýar. Olaryň esasysy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki beýannamasy bolar. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imomi çarşenbe güni Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde diplomatik korpusyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen brifingde aýtdy.
Brifing Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji Konsultatiw duşuşygyna we şu ýyl Duşanbe şäherinde 14-15-nji sentýabrda geçiriljek Aral deňzini goramak boýunça halkara gaznasyny esaslandyry ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işlerine bagyşlandy.

Ministriň orunbasary gün tertibi, jemleýji resminamalaryň sanawy we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşyjylaryň topary, şeýle hem onuň çäginde geçirilen çäreler barada maglumat berdi.
Mundan başga-da, Täjigistan Respublikasynyň sentýabr aýynyň birinji ýarymynda geçirilen Konsultatiw duşuşygyň çäginde Duşanbe şäherinde ykdysadyýet, senagat, bilim, ulag, gender syýasaty, ylym we medeniýet, ýaşlar we sport ugurlarynda 16 sany çäräniň başlandygy aýdyldy.
Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän nukdaýnazardan, brifinge gatnaşyjylara meýilleşdirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, Aral deňziniň basseýnindäki suw dolandyryşyny, daşky gurşaw we durmuş-ykdysady ýagdaýy has-da gowulandyrmak, sebitdäki suw we energetika meselelerini çözmekde IFAS-nyň ornuny güýçlendirmekde, şeýle hem IFAS-yň halkara arenasyndaky abraýyny ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada maglumat berildi diýip, Täjigistan Daşary Ministrligi habar berýär.
ORIENT news








