HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda Hazar deňzini öwrenmek boýunça institut dörediler

Oktýabr 30, 2023 | 11:56 |6953
Gazagystanda Hazar deňzini öwrenmek üçin ylmy-barlag instituty dörediler. Kararyň taslamasy Suw serişdeleri we suwaryş ministrligi tarapyndan taýýarlandy.Gazagystanda Hazar deňzini öwrenmek üçin ylmy-barlag instituty dörediler. Kararyň taslamasy Suw serişdeleri we suwaryş ministrligi tarapyndan taýýarlandy.
Çeşme: orda.kz

Gazagystanda Hazar deňzini öwrenmek üçin ylmy-barlag instituty dörediler. Kararyň taslamasy Suw serişdeleri we suwaryş ministrligi tarapyndan taýýarlandy.

“Öňüni alyş çärelerini görmek üçin döwlet Baştutany Hazar gözlegleri bilen meşgullanjak Mangistau sebitinde Döwlet ylmy institutyny döretmegi tabşyrdy. Institutyň döredilmegi meseläni giňişleýin öwrenmäge we uly göwrümli meseleleri çözmäge mümkinçilik berer”-diýip, Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowyň sözleri getirilýär.

Täze gözleg institutynyň iki esasy ugry bolar: olaryň birinjisi ekologiýadyr. Bu, beýleki zatlar bilen birlikde, Hazar deňziniň daşky gurşaw meselelerine, kölüň derejesini peseltmek, týulenleriň we balyklaryň köpçülikleýin gyrylmagy we ilatynyň goralmagy bilen baglanyşykly meselelere degişlidir. Ikinji ugur, Hazaryň beýleki döwletlerindäki kärdeşleri bilen gatnaşygy üpjün etmek bolar.

Institut Hazar deňziniň ekosistemasynyň ähli ugurlary barada obýektiw we garaşsyz maglumat berer. Alnan maglumatlar döwlet we ýerli ýerine ýetiriji guramalar tarapyndan giňişleýin çäreleri kabul etmek üçin esas bolup hyzmat eder. Ylmy guramanyň döredilmegi, Hazar deňzini goramak boýunça halkara we milli borçnamalary doly ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Ministrligiň web sahypasynda çap edilen taslama görä, institutyň ygtyýarly kapitaly döwlet tarapyndan 100% üpjün ediler.

Şeýle hem Türkmenistanda, Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlarda alnyp barylýan işleri seljermek maksady bilen 2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Prezidentiň Karary bilen döredilen Hazar deňiz institutynyň deňizde ylmy gözlegleri geçirmek, halkara hukuk we milli resminamalary taýýarlamak, Hazar deňzi bilen baglanyşykly meselelerde Türkmenistanda halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine syn we ýöriteleşdirilen metodiki maglumatlary taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026