HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen drama teatry Azerbaýjanda TÜRKSOÝ-yň halkara teatr festiwalyna gatnaşýar

Oktýabr 30, 2023 | 16:06 |5628
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Azerbaýjanda geçiriljek ilkinji TÜRKSOÝ-yň halkara teatr festiwalyna gatnaşar. Festiwalyň maksatnamasy 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Baku we Şuşa şäherlerinde geçiriler diýip, Report habar berýär.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Azerbaýjanda geçiriljek ilkinji TÜRKSOÝ-yň halkara teatr festiwalyna gatnaşar. Festiwalyň maksatnamasy 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Baku we Şuşa şäherlerinde geçiriler diýip, Report habar berýär.
Çeşme: report

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Azerbaýjanda geçiriljek ilkinji TÜRKSOÝ-yň halkara teatr festiwalyna gatnaşar. Festiwalyň maksatnamasy 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Baku we Şuşa şäherlerinde geçiriler diýip, Report habar berýär.

Bu çäre birbada birnäçe ýubileý senelerine – TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna, Şuşa şäheriniň 2023-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» hökmünde saýlanmagyna, azerbaýjan halkynyň milli lideri Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna we Azerbaýjanyň Milli teatrynyň döredilmeginiň 150 ýyllygy bagyşlanýar.

Şuşada geçiriljek festiwalyň çäginde TÜRKSOÝ ýurtlarynyň döwlet teatrlarynyň baştutanlar geňeşiniň 9-njy mejlisi hem geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin türki dünýäsiniň meşhur teatr işgärleri Azerbaýjana geler. Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzugy doganlyk türk ýurtlarynda teatr sungatynyň ösüşi bolar.

TÜRKSOÝ ýurtlaryndan gelen teatr toparlary – Özbegistandan Samarkandyň sazly drama teatry, Gyrgyzystandan Kasymaly adyndaky Ysyk-Kul welaýatynyň sazly drama teatry, Gazagystandan - Türküstan sazly drama teatry, şeýle hem Türkiýeden Stambul döwlet teatry we Magtymguly adyndaky Türkmen sazly drama teatry öz sahnalaryny festiwalda görkezerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026