Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynda näme maslahatlaşylar?!


Şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri 2023-nji ýylda Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek bu forumyň 16-njy mejlisine görülýän taýýarlyk barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
1-nji noýabrda geçiriljek forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumynyň, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň dördünji mejlisiniň we “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň bäşinji mejlisiniň geçirilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlaryna bagyşlanan sergileriň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Hususan-da, forumyň çäklerinde ulag we logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy, bilim-ylym, syýahatçylyk ugurlaryna degişli 6 sany mejlisi geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ministrler derejesinde ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar. Forumyň netijesi boýunça Jemleýji resminama kabul ediler.
Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlary bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap, öňde boljak çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Aşgabatda geçiriljek çärelere Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň 200-e golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň mälim etmegine görä, diňe bu ýurduň döwlet edaralarynda we kompaniýalaryndan bolan 90-a golaý wekil bu çärä gatnaşar.
ORIENT news








