Habarlar

Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri Magtymguly barada ylmy maslahaty geçirmegi meýilleşdirýärTürkmen we rus ýokary okuw mekdepleri Magtymguly barada ylmy maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär

Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri Magtymguly barada ylmy maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO kafedrasynyň hünärmenleri W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwet uniwersitetiniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler. Onda iki ýokary okuw mekdebiň alym mugallymlarynyň ylmy çykyşlary diňlenilip, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Türkmen diplomatlary GDA-nyň çäklerinde maglumat giňişligindäki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylarTürkmen diplomatlary GDA-nyň çäklerinde maglumat giňişligindäki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmen diplomatlary GDA-nyň çäklerinde maglumat giňişligindäki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri Moskwa şäherine bolan saparynyň çäklerinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Daşary işler ministrliginiň maglumat we seljeriş bölüminiň başlygy Myrat Özbekbaýew hem-de “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň ýerine ýetiriji sekretary Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat işgärleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar.