

«Elektronika dünýäsi» dükanynda 40%- çenli uly arzanladyş dowam edýär
Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Elektronika dünýäsi» dükanynda uly arzanladyş dowam edýär.


Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Elektronika dünýäsi» dükanynda uly arzanladyş dowam edýär.


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçysy Leýli Garýagdyýewa çagalar sazçylyk mekdepleriniň we "Sazly marafon" çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen IX Bütinrus saz gurallary bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.


“Apple” kompaniýasy öz öndürýän 5G modemli çipiniň üsti bilen mobil aragatnaşygyny üpjün edýän “MacBook” çykarmagy meýilleşdirýär.


"Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň ähli ýerine poçta ýollamalaryny we ýükleri eltip bermegi öz içine alýan çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýär.


Sişenbe güni, 21-nji noýabrda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.


Raýatlaryň islegleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrligi emeli intellekt tehnologiýasyny giňden ornaşdyrmagy maksat edinýär. Bu barada “Kazinform” halkara habarlar agentligi mälim edýär.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda golaýda kabul edilen «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanundan gelip çykýan talaplar, girizilen täze kadalaryň ýurdumyzyň daşary söwdasyny ösdürmekdäki ähmiýeti barada pudagara maslahat geçirildi.


Bäsleşilere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplaryň resminamalary Daşoguz welaýat häkimliginde kabul edilýär.


Hytaýyň tehnologiýa goşandy dünýäniň ykjam aragatnaşyk ulgamyna ägirt uly täsir etdi, aragatnaşyk çykdajylaryny azaltmaga we onuň elýeterliligini gowulandyrmaga ýardam berdi.


“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň hünärmenleri şu ýylyň geçen döwründe 436 sany nebitgaz guýusyny düýpli abatladylar. Bu meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 70 guýy köpdür.


Türkmenistanyň Malýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligine degişli 47 desgany hususylaşdyrmak üçin bäsleşikli söwda yglan edýär. Bäselşikli söwda 15-nji dekabrda fineconomic.gov.tm web-saýtynda sanly ulgam arkaly geçirilýär.


“Týandu” çuň kosmos gözleg laboratoriýasynyň we Şanhaý ylmy-barlag institutynyň wekilleri belarus-hytaý “Uly daş” senagat parkyna iş sapary amala aşyrdylar.


BMG-nyň 20-nji noýabrda geçirilen Baş Assambleýasynda BMG-nyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPECA) 25 ýyllygyna bagyşlanan karar taslamasyny gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Taslama Azerbaýjan, Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan tarapyndan bilelikde teklip edildi. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.


Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň analitiki merkezleriniň forumyny döretmäge bagyşlanan tegelek stoluň mejlisine gatnaşdy.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde Ykdysady hyzmatdaşlyk taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşdy.