HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň mejlisini geçirdi: gün tertibinde näme bar?

Dekabr 20, 2023 | 23:03 |7643
Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň  4-nji mejlisi 14-nji dekabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylyk etmeginde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa topara agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň  4-nji mejlisi 14-nji dekabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylyk etmeginde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa topara agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.
Çeşme: orient.tm

Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň 4-nji mejlisi 14-nji dekabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylyk etmeginde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa topara agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Mejlise gatnaşmak üçin BMG Baş Assambleýasynyň ulag meseleleri baradaky kararlarynyň awtorlarynyň, BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleler Departamentiniň (UN DESA) Durnukly Ösüş Bölüminiň ýolbaşçysy Çžu Juwang, Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow, Durnukly pes uglerod ulag boýunça SLOCAT Hyzmatdaşlygynyň agzalary, Halkara bilim we gözlegler torunyň global üpjünçilik zynjyrlary (GSCC) boýunça prezidenti Çung Tam we ylmy hünärmenler çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň sahypasynda habar berilýär.

Duşuşykda Nikaragua, Laos we Marokko tarapyndan iberilen topara agza bolmak baradaky arzalar tassyklandy, BMG--niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky baglanyşyklary berkitmek” kararyny durmuşa geçirmek baradaky tekliplere we hödürlemelere garaldy.

BMG-niň 2026-2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulag onýyllygynyň mazmunyny düzmek we Durnukly ulag hepdeliginiň çäginde 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde meýilleşdirilýän köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň ýokary derejeli Maslahatyna taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň gün tertibinde BMG-niň Durnukly ulag boýunça nobatdaky global konferensiýasyny we geljek ýyl Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan çäreleri geçirmek meselesi hem bar. Hususan-da, bu güni 2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanda halkara derejesinde guramak meselesine hem seredildi.

UN DESA tarapyndan noýabr aýynda Ženewada guralan durnukly ulag boýunça ilkinji bilermenler duşuşygynyň ähmiýeti bellendi. Şeýle duşuşyklaryň 2030-njy ýyldaky gün tertibiniň ulag segmentini we degişli BMG-niň BA-nyň kararlaryny durmuşa geçirmek üçin dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

Şeýle hem, Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň platformasynda şu ýylyň maý aýynda geçirilen 3-nji mejlisinde toparyň agzalary tarapyndan goldanylýan Konsultatiw geňeşi hem döredilýär. Gatnaşanlara Geňeşiň esaslandyryjy agzalaryna dalaşgär hökmünde halkara we sebit guramalarynyň, ulag we logistika kompaniýalarynyň başlangyç sanawy berildi.

Konsultatiw geňeşiniň esasy wezipesi, toparyň agzalarynyň haýyşy boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, işewür toparlaryny, ylmy we akademiki toparlary öz içine alýan bu ugurda ulag we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça kömekçi maglumat we seljeriş materiallaryny taýýarlamak, durnukly ulag pudagynda halkara gün tertibini durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik guramalary, olaryň arasynda aragatnaşyk gurmak we netijeli maglumat alyşmak bolar.

Mundan başga-da, Bütindünýä ulag diplomatiýasy akademiýasyny (WTDA) döretmek baradaky teklibe-de garaldy. Teklip Toparyň agzalary tarapyndan goldanyldy we bu başlangyjy 2024-nji ýylyň fewral-aprel aýlarynda gibrid formatda köptaraplaýyn ulag diplomatiýasy boýunça leksiýa görnüşinde synagy başlamak meýilleşdirildi.

Duşuşygyň netijesinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygy boýunça ýokary derejeli Maslahatynyň öňisyrasynda geljek ýylyň aprel aýynda Dostlar toparynyň nobatdaky 5-nji duşuşygyny ministrler derejesinde guramak teklip edildi. Ol 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026