HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sebitiň ýurtlary Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly Iş toparyny dörederler

Dekabr 20, 2023 | 19:56 |8592
Türkmenistanyň wekiliýeti "Hazaryň deňiz giňişligini goramak hakynda" Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde döredilen ýörite bilermenler toparynyň birinji mejlisine gatnaşdy.Türkmenistanyň wekiliýeti "Hazaryň deňiz giňişligini goramak hakynda" Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde döredilen ýörite bilermenler toparynyň birinji mejlisine gatnaşdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň wekiliýeti "Hazaryň deňiz giňişligini goramak hakynda" Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde döredilen ýörite bilermenler toparynyň birinji mejlisine gatnaşdy. 18-19-njy dekabrda Baku şäherinde geçirilen duşuşyga Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň daşary we daşky gurşaw ministrlikleriniň ygtyýarly wekilleri, şeýle hem degişli Konwensiýanyň Sekretariaty bolup hyzmat edýän BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň Ýewropa sebit edarasynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu barada "Azertag" habarlar agentligi mälim edýär.

Taraplar Konwensiýanyň Sekretariatyny bu sebitiň bir ýurduna geçirmek bilen bagly institutisional meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň üçin bilermenlere degişli resminamalary taýýarlaýarlar. Tähran konwensiýasynyň Sekretariatynyň institusional mehanizmleri, şeýle hem Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly Iş toparyny döretmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Ýörite iş toparyny döretmek baradaky başlangyç Hazarýaka döwletleriniň ekologiýa ministrlikleriniň şu ýylyň 21-22-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiren duşuşygynda kabul edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

20:00 Awgust 13, 2026
Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

18:00 Awgust 13, 2026
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026