

Türkiýäniň ilkinji astronawty kosmos syýahatyna ugraýar
Özüniň içerki we milli ösüş strategiýasynyň çäklerinde, ençeme taslamalary üstünlikli amala aşyrýan Türkiýäniň taryhyndaky ilkinji kosmos uçuşyna birnäçe sagat galdy. 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda sagat 00.49-da (02.49 Türkmenistan wagty bilen) Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Milli kosmos maksatnamasynyň çäklerinde Türkiýe özüniň ilkinji kosmos uçuşyny amala aşyrar.




















