

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçisi türkmen halkyny Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady!
2023-nji ýyl ahyrlanyp barýar, dogan türkmen halkyny ýetip gelýän Täze 2024-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


2023-nji ýyl ahyrlanyp barýar, dogan türkmen halkyny ýetip gelýän Täze 2024-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.


Duşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazarda ýeňil senagatyň önümleri satyldy.


23-nji dekabrda şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlar üçin L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy we ownuk däneli hlorly kaliý ýerlenildi.


Şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazarda “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjy hem-de ownuk däneli kaliý hloridi satyldy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni welaýat häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer bilen geçirilen iş maslahatynda türkmen ýaşlarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini görkezýän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi.


Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow göni aragatnaşykda Prezident Serdar Berdimuhamedowa “Arkadag” toparynyň, ilkinji gezek milli futbol çempionatynda ýaryşyp, möhletinden öň Türkmenistanyň çempiony bolup, düýn bolsa, Kubogy alyp goşa altyn medala eýe bolandygyny habar berdi.


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça Hytaý komitetiniň sekretariaty ORIENT-iň redaksiýasyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar.


“Arkadag” futbol topary 24 oýunda bir utuk hem ýitirmän, ýokary ligadaky toparlaryň arasyndaky ýaryşlarda öz çykyşyny tamamlady diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” döwlet elektron gazeti habar berýär.


Britaniýaly milliarder Mançesterde doglan Jim Retkliff “Mançester Ýuneýted” futbol klubyny dolandyrmagy öz üstüne alýar diýip, BBC habar berýär.


“Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş – nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur. Biz ýaşlaryň döwrebap başlangyçlaryna möhüm ähmiýet berýäris” dýlip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl mynasybetli ähli türkmenistanlylara ýollan gutlag hatynda nygtalýar.


Aýnura Azadowa Türkmenistandan Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň häzirki wagtda uniwersitetiň Halkara medeni alyş-çalyş institutynda “Hytaý dili daşary ýurt dili hökmünde” hünäri boýunça aspirantura bilimini alýar.


23-nji dekabrynda Duşenbe şäherinde “Gündogar-Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we ýewraziýa halk sungaty” atly Halkara festiwaly geçirildi. Sergi meýdanynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sergi burçy guraldy.


Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “International Ltd.” kompaniýasynyň (CNPCIT) wekilhanasy 2009-njy ýyldan bäri “CNPC” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda baglaşylan Önümi paýlaşmak hakynda şertnamany durmuşa geçirmegiň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdebinde - Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin) okamaga Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny iberýär.


“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany bezeýän Türkmenistanyň Baş arçasy, GDA ýurtlarynyň Täze ýyl nyşanlarynyň arasynda iň beýigi boldy.