

Aşgabatda Rus ylmynyň hepdeligi geçiriler
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda Rus ylmynyň hepdeligini geçirer.


Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda Rus ylmynyň hepdeligini geçirer.


«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilen bilelikde, žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.


Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky we olaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça komitetiň (CEDAW) nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşýar.


Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


Russiýada geçirilýän Prezident saýlawlarynda ses bermek üçin Türkmenistanyň iri şäherlerinde saýlaw uçastoklary dörediler.


Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawyna girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýanwar aýynyň ahyrynda geçirilen GDA-nyň Ulag boýunça işewürlik dialogynyň ikinji mejlisiniň maglumatlarynda beýan edildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.


«Apple» «iPhone» smartfonynyň eplenýän görnüşiniň üstünde işleýär. Bu barada «The Information» neşiri habar berýär.


2024-nji ýylyň 6 – 9-njy fewraly aralygynda Hindistanyň günorta-günbataryndaky Goa ştatynda ikinji Hindistanyň energetika hepdeligi – 2024 (India Energy Week 2024) geçirilýär.


Dohadaky Türkmenistanyň ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň habarlar agentliginiň (QNA) Baş direktory Ahmed bin Said Al Rumaihi bilen gepleşikleri geçirdi.


Startaplaryň şäheriň howa hereketini amatly ýola goýmakda birnäçe başlangyçlary işleýän döwründe “eHang” kompaniýasynyň “EH 216 eVTOL” taslamasy eýýäm birnäçe gezek synagdan hem geçirildi.


Özbegistanyň Ýeňil atletika federasiýasy 8-nji fewralda geçiren metbugat ýygnagynda 21-nji aprelde altynjy gezek geçiriljek Daşkent halkara marafonyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.


“Lotos” ÝYZ-nyň (Ýörite ykdysady zona) metbugat gullugynyň habaryna görä, premýer-ministr Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Astrahan sebitine baryp gördi.


Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.


«Türkmennebit» döwlet konseriniň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda iş saparynda bolýan BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy we Türkmenistanyň energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýändigi we ekologiýanyň talaplaryna laýyklykda, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýandygy bellenildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.


Kataryň ýygyndy topary Aziýanyň Kubogynyň ýarym finalynda Eýrandan 3:2 hasabynda üstün çykdy. Katarlylaryň düzüminde toplary 17-nji minutda Jassem Abdulsallam, 43-nji minutda Akram Afif we 82-nji minutda Ali Almoes 11 metrlik jerime urgusyndan derwezä girizdiler. Eýranlylar 4-nji minutda Serdar Azmunyň we 51-nji minutda Alireza Jahanbahşyň girizen pökgüleri bilen jogap berdiler.