HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada Oraza çadyry açyldy

Mart 12, 2024 | 13:32 |6979
Moskwa şäherindäki Tagzym (Poklonnaýa) depesinde ýerleşýän Hatyra (Memorial) metjidiniň ýanynda Oraza çadyry açyldy.Moskwa şäherindäki Tagzym (Poklonnaýa) depesinde ýerleşýän Hatyra (Memorial) metjidiniň ýanynda Oraza çadyry açyldy.
Çeşme: shater-ramadana.ru

Moskwa şäherindäki Tagzym (Poklonnaýa) depesinde ýerleşýän Hatyra (Memorial) metjidiniň ýanynda Oraza çadyry açyldy.

Her ýylda geçirilýän haýyr-sahawat taslamasy bolan Oraza çadyry Moskwanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Musulmanlar müftiýetiniň goldamagynda Moskwanyň Musulmanlar müftiýeti tarapyndan guralýar.

Şu ýyl 19-njy gezek guralýan Oraza çadyry maşgala mowzugyna bagyşlanýar. Bu ýurduň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany bilen şu ýylyň Russiýada “Maşgala ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Onuň çäklerinde dostlukly döwletleriň medeniýetine, däp-dessuryna bagyşlanyp guraljak çärelerdir çykyşlar maşgala gymmatlyklaryny, kiçileri söýmegi ululara hormat goýmagy wagyz etmek bilen bagly bolar.

Guraljak medeni çäreler bilen birlikde, bu ýerde isleg bildirýänlere agyz açar tagamyny (iftar) beýlekiler bilen paýlaşmaga çagyrylýar. Mundan başga-da, agyz açar agşamlygy berler. Oraza çadyrynyň ýerleşýän ýeri ýyl-ýyldan gipelýär. Çünki bütin aýyň dowamynda bu ýere müňlerçe adam gelýär.

27-nji martda “Oraza çadyry” taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň agşamy guralar.

Bu taslama 13 we 14-nji aprelde uly möçberde geçiriljek maşgala festiwaly bilen tamamlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026