HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynda türkmen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Mart 12, 2024 | 20:03 |8919
12-nji martda Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynda düzüminde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow bolan türkmen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.12-nji martda Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynda düzüminde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow bolan türkmen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Çeşme: iirmfa.edu.tm

12-nji martda Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynda düzüminde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow bolan türkmen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynyň direktory Emil Briks bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryna oňyn Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda işjeň gatnaşýandygy bellendi. Suw diplomatiýasy we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly, şol sanda Türkmenistanyň bu meseleler boýunça öňe süren başlangyçlarynyň çäginde meseleler gozgaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Wenanyň diplomatiýa akademiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak bilen, taraplar halkara gatnaşyklaryny we diplomatiýany, geosyýasaty we ykdysadyýeti öwrenmekde okatmagyň usullaryny kämilleşdirmegiň ähmiýetine ünsi çekdiler. Şeýle hem ýaş diplomatlary alyşmak, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe geçmekleri üçin şertleri döetmek we bilelikdäki okuwlary guramak mümkinçiliklerine garaldy.

Mysal hökmünde bellesek, Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw merkeziniň binýadynda awstriýaly bilermenleriň gatnaşmagynda öňüni alyş diplomatiýasy, energetika, suw we sanly diplomatiýa boýunça umumy sapaklary we okuwlary guramak teklip edildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Diplomatik taýýarlyk boýunça halkara foruma (International Forum on Diplomatic Training/IFDT) girýändigi barada sertifikat gowşuryldy.

IFDT 1972-nji ýylda dekanlaryň we direktorlaryň her ýylky ýygnagy hökmünde akademiki we diplomatik guramalaryň konsorsiumy tarapyndan döredildi. Foruma 56 ýurtdan diplomatik akademiýalar we halkara gatnaşyklar institutlary girýär.

Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynyň direktory we IFDT-niň hemişelik egindeş başlygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň rektoryny forumyň indiki, 50-nji mejlisine gatnaşmaga çagyrdy. Ol 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Çernogoriýada geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026