HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Mart 12, 2024 | 17:28 |7086
2024-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Irakli Natroşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Irakli Natroşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Irakli Natroşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň birnäçe ugurda işjeň ösýändigini bellediler. Ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň birek-birege saparlary, bilelikde geçirilýän konferensiýalar, seminarlar we forumlar bilim pudagynyň yzygiderli we netijeli ösýändigine şaýatlyk edýär.

1-3.jpg

Taraplar M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda öň gol çekilen akademiki we ylmy ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem giňelmegine we işjeňleşmegine ýardam bolandygyny aýratyn bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar has netijeli hyzmatdaşlyga we iki ýurduň arasyndaky ylmy we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjak bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026