HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarusda “TIBO internet baýragy” bäsleşigine gatnaşmaga ýüz tutmalar kabul edilip başlandy

Aprel 12, 2024 | 09:18 |6107
Belarusda “TIBO internet baýragy”  bäsleşigine gatnaşmaga ýüz tutmalar kabul edilip başlandy diýip, BELTA ýurduň Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligine salgylanyp habar berýär.Belarusda “TIBO internet baýragy”  bäsleşigine gatnaşmaga ýüz tutmalar kabul edilip başlandy diýip, BELTA ýurduň Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligine salgylanyp habar berýär.
Çeşme: belta.by

Belarusda “TIBO internet baýragy” bäsleşigine gatnaşmaga ýüz tutmalar kabul edilip başlandy diýip, BELTA ýurduň Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligine salgylanyp habar berýär.

“TIBO internet baýragy” bäsleşigi 2003-nji ýyldan bäri Belarus Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligi, Maglumat ministrligi hem-de “Tehnika we kommunikasiýalar” ÝGPJ tarapyndan her ýyl geçirilip gelinýär. Şol döwürden bäri bäsleşige 9 müňe golaý belarus internet resurslary gatnaşdy.

Bäsleşik “Döwlet dolandyryş we häkimiýet edaralary”, “Maglumat serişdeleri”, “Bilim we ylym”, “Çagalar we ýetginjekler üçin”, “Saglyk we lukmançylyk”, “Sport”, “Syýahatçylyk we dynç alyş”, “Belarus Respublikasynyň nemes-faşist basypalyjylaryndan azat edilmeginiň 80 ýyllygyna we sowet halkynyň Beýik Watançylyk urşunda gazanan ýeňişine bagyşlanan resurslar”, “Ähli zatda ýokary hil (Hil ýyly)”, “Emin-agzalarynyň saýlanlary” atly 10 ugur boýunça geçirilýär.

Brendi ilerletmek, öz harytlaryna, hyzmatlaryna we tekliplerine tomaşaçylaryň ünsüni çekmek üçin sanly kommunikasiýalary netijeli ulanýan kompaniýalary höweslendirmek maksady bilen TIBO-da ilkinji gezek “Inernet marketing” ugry boýunça ýüz tutmalar kabul edilýär. Internet marketing sosial ulgamlarda ilerletmek (SMM), gözleg ulgamlary üçin saýty kämilleşdirmek (SEO), email marketing, gözleg ulgamlarynda marketing (SEM), giriş marketingi, hyzmatdaşlyk marketingi ýaly we beýleki ugurlary özünde jemleýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutmany 2024-nji ýylyň 6-njy maýyna çenli bu çäräniň resmi saýtynda dolduryp bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026