HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikaly trio Aşgabatda a kapella konserti bilen çykyş eder

Aprel 12, 2024 | 19:25 |5699
14-nji aprelde Amerikanyň «Pipeline Vocal Project» triosy Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda a kapella konserti bilen çykyş eder.14-nji aprelde Amerikanyň «Pipeline Vocal Project» triosy Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda a kapella konserti bilen çykyş eder.
Çeşme: alaskapublic.org

14-nji aprelde Amerikanyň «Pipeline Vocal Project» triosy Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda a kapella konserti bilen çykyş eder.

Konsert Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary bilen bilelikde geçiriler.

ABŞ-dan gelen toparyň düzümi üç agzadan ybaratdyr: Liza Hokins, Molli Diýeni we Adriana Latonio.

Lisa Hokins – Alýaska ştatynyň Ankorij şäherinden aýdymçy, aranžirleýji we prodýuser. Lizanyň a kapella çykyşlary boýunça sahnada 10 ýyllyk tejribesi bar.

Hut onuň özi dünýäniň dürli wokal toparlary bilen çykyş saparlaryndan soň, 2019-njy ýylda «Pipeline Vocal Project» toparyny esaslandyrdy.

Molli Diýeni – jaz, wokal we fortepiano öwrenen aýdymçy. Ol wokal sazyny ýerine ýetirip, bütin dünýä syýahat etdi. Indi bolsa «Pipeline Vocal Project» toparynda ýokarydan başlap, pese çenli ähli bölekleri ýerine ýetirýär.

Adriana Latonio – opera, aýdym-saz teatry, jaz, estrada aýdymlary, r&b we soul, şeýle hem tans etmek, fortepiano hem-de gitara çalmak boýunça tejribesi bolan, baýraklara mynasyp görlen aýdymçy. Adri bütin dünýädäki talyplara wokal öwredýär we şol bir wagtyň özünde «Pipeline Vocal Project» toparynyň agzasy hökmünde karýerasyny ösdürmegi dowam etdirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026