HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi

Aprel 14, 2024 | 16:07 |5334
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 2024-nji ýylyň 11-12-nji aprelinde  metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi.ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 2024-nji ýylyň 11-12-nji aprelinde  metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi.
Çeşme: new-science.ru

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 2024-nji ýylyň 11-12-nji aprelinde metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi.

Bu çäre uglerod karzlary söwdasy ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribesini paýlaşmaga hem-de metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak babatda döwlet çäreleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi.

Okuw maslahatyna “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmengeologiýa” döwlet konsernleriniň, şeýle hem Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we beýleki degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara derejeli bilermen metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak we azaltmak boýunça döwlet syýasaty, ÝHHG sebitinde kwotalar söwdasy hem-de tükelleşdirmek boýunça hasabatlary taýýarlamak barada gürrüň berdi.

Merkeziň ykdysady-ekologiýa bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji William Lifiň belleýşi ýaly, bu okuw maslahaty ÝHHG-nyň Merkeziniň Türkmenistanyň Hökümetine ekologiýa howpsuzlygyny ilerletmäge, Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerinde ýurduň metanyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen tagallalaryna goldaw bermek boýunça alyp barýan işiniň çäklerinde geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026