HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Aprel 17, 2024 | 00:16 |7088
16-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.16-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Çeşme: “Altyn Asyr” teleýaýlymynyň suratlary

16-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna netijeli pakistan-türkmen dialogyny ösdürmäge ähmiýet berýän Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny ýetirdi. Ilçi Pakistanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026