HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«OpenAI» Ýaponiýada Aziýa sebitindäki ilkinji ofisini açdy

Aprel 16, 2024 | 11:15 |6152
Emeli aň ulgamyndaky işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan amerikan başlangyç kompaniýasy «OpenAI» Ýaponiýada wekilhanasyny açdy, ol kompaniýanyň Aziýa sebitindäki ilkinji wekilhanasy boldy.Emeli aň ulgamyndaky işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan amerikan başlangyç kompaniýasy «OpenAI» Ýaponiýada wekilhanasyny açdy, ol kompaniýanyň Aziýa sebitindäki ilkinji wekilhanasy boldy.
Çeşme: theintercept.com

Emeli aň ulgamyndaky işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan amerikan başlangyç kompaniýasy «OpenAI» Ýaponiýada wekilhanasyny açdy, ol kompaniýanyň Aziýa sebitindäki ilkinji wekilhanasy boldy.

Ofis Tokio şäherinde ýerleşer. Oňa «Amazon Web Services» kompaniýasynyň ýerli bölüminiň ozalky prezidenti bolan Tadao Nagasaki ýolbaşçylyk eder.

Kompaniýanyň baş direktory Sem Altman Günüň dogýan ýurdunday hyzmatdaşlaryna wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlenip, bu wakanyň ýeli kärhanalar bilen hyzmatdaşlygyň uzak ýolundaky ilkinji ädim boljakdygyna we sebitdäki müşderiler bilen aragatnaşygy ýola goýmaga kömek etjekdigine umyt bildirdi.

Ýaponiýadaky ofisiň açylyş dabarasyna gatnaşan «OpenAI» kompaniýasynyň operasion direktory Bred Laýtkep kompaniýanyň ýapon diline optimallaşdyrylan uly modeliniň bardygyny aýtdy. Şeýle hem ol wagtyň geçmegi bilen başlangyç kompaniýanyň işiniň ýapon bazarynda uly girdeji gazanyp biljekdigini belledi.

Geçen ýyl Sem Altmanyň ýurduň premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşygyndan soň meşhur «ChatGPT» çat-botyny döredijiler Ýaponiýada ofis açmagy meýilleşdirip başlapdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026