

“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi
“RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýeti demir ýol ulagynda Russiaýdan Türkmenistana gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmatyny amala aşyrdy. Aşgabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny we onuň ýanaşyk ýerlerini hem-de şäheriň ýene bir meýdançasyny granit daşlary we bezeg serişdeleri bilen abadanlaşdyrmak boýunça degişli gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmaty “RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň Sankt-Peterburgdaky şahamçasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu barada “Logistics.ru” neşiri habar berýär.



















