HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň başlygy bilen duşuşdy

Aprel 24, 2024 | 18:23 |6428
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň başlygy Muhammed Falih Al Hajiriniň arasasynda duşuşyk geçirildi.Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň başlygy Muhammed Falih Al Hajiriniň arasasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň başlygy Muhammed Falih Al Hajiriniň arasasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Katar Döwletiniň Raýat Awiasiýa müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama boýunça durmuşa geçirilmäge degişli bolan meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, türkmen tarapy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ulag-kommunikasiýa toplumynyň howaýollary ulgamynyň hil taýdan ösüşi, ýetilen sepgitler hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda amala aşyrylan işler barada nygtap geçdi.

Katar howa ýollarynyň dünýäniň dürli künjeklerine uçýandygyny nygtamak bilen, Katar Döwletiniň geografiýa taýdan ýerleşişi, ykdysady nukdaýnazardan üstaşyr gatnawlar üçin aýratyn amatly bolup durýandygy, halkara howa gatnawlaryny üçin ygtybarlylygy hem-de howpsuz üstaşyr uçuşlary amala aşyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigi barada bellenildi.

Şeýle hem Doha halkara howa menzili daşary ýurtly köpsanly awiakompaniýalar hyzmatdaşlyk edýändigi barada bellenildi.  

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026