Habarlar

ABŞ-nyň Ilçihanasy we Ykdysadçylar Birleşmesi Türkmenistanda  “Zenan telekeçiler akademiýasyny” başladýarlarABŞ-nyň Ilçihanasy we Ykdysadçylar Birleşmesi Türkmenistanda  “Zenan telekeçiler akademiýasyny” başladýarlar

ABŞ-nyň Ilçihanasy we Ykdysadçylar Birleşmesi Türkmenistanda “Zenan telekeçiler akademiýasyny” başladýarlar

Aşgabatdaky Amerikan merkezinde we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherleriniň Amerikan burçlarynda “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasy başlady. Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän AWE telekeçi aýal-gyzlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur bilimleri, aragatnaşyklary we elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirlen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamasydyr.