Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi


Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumynda öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly Türkmen halkynyň Milli Lideri “Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny” işläp taýýarlamagy teklip etdi.
“Yslam ýurtlarynyň sesi berk bolmaly we dünýädäki ýagdaýy gowşatmak üçin ähli mümkinçilikleri döretmek, gapma-garşylyklary gepleşiklere geçirmek üçin şert döretmek, hormat goýmak maksady bilen diologa şert döretmek üçin aç-açan çagyryş bolmaly. Bu forumda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin” diýip Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu başlangyjy çemeleşmeleriňdir teklipleriň ylalaşykly toplumy, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, adalatlylygyň dini bolan yslam dininiň ýörelgeleri esasynda dünýä halklaryna ýüzlenýän özboluşly “Ýol kartasy” hökmünde görýändigini, bu teklibi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, gyzyklanma bildirýän beýleki halkara düzümler bilen ara alyp maslahatlaşmagyň maksada laýyk boljakdygyny belläp geçdi.
“Russiýa-Yslam dünýäsiniň çäginde Konstruktiw teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi uzak möhletleýin döwletara gatnaşyklara täsirli itergi bermek üçin niýetlenendir” diýip Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow öz çykyşynda belledi. Türkmenistan bu hyzmatdaşlyk formatyny ähli gyzyklanýan döwletler bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy gurmak üçin özboluşly platforma hasaplaýar.
Forumyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary “5+1” Aşgabat formatyndaky Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar.
“Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumynyň çäginde kabul edilen çözgütleriň we gazanylan ylalaşyklaryň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň şeýle hem Yslam dünýäsi ýurtlarynyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklaryny pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirildi.
ORIENT news








