

Astrahanda Hazar mediaforumy 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçiriler
Her ýyl dürli ýurtlardan media hünärmenlerini bir ýere jemleýän Astrahandaky Hazar mediaforumy 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçiriler. Forumyň mowzugy «Medeniýetleriň dialogy Hazar sebitiniň ösüşleriniň esasy hökmünde» bolar diýip, Astrahan oblastynyň medeniýet ministri Olga Prokofýewa «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» forumynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.




















