HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Brýusselde Merkezi Aziýanyň we Karib deňziniň ýurtlarynyň ilçileriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

Maý 18, 2024 | 01:05 |10525
Brýusselde Merkezi Aziýanyň, Mongoliýanyň we Karib deňziniň ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji resmi däl duşuşygy geçirildi, bu duşuşygy taryhy diýip atlandyrmak bolar. Belgiýada işleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileriniň başlangyjy esasynda geçirilen duşuşyk sebitara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny aňladyp, söwda-ykdysady we pudaklaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmekde tejribe alyşmaga, şeýle hem sebitara we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi.Brýusselde Merkezi Aziýanyň, Mongoliýanyň we Karib deňziniň ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji resmi däl duşuşygy geçirildi, bu duşuşygy taryhy diýip atlandyrmak bolar. Belgiýada işleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileriniň başlangyjy esasynda geçirilen duşuşyk sebitara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny aňladyp, söwda-ykdysady we pudaklaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmekde tejribe alyşmaga, şeýle hem sebitara we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Brýusselde Merkezi Aziýanyň, Mongoliýanyň we Karib deňziniň ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji resmi däl duşuşygy geçirildi, bu duşuşygy taryhy diýip atlandyrmak bolar. Belgiýada işleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileriniň başlangyjy esasynda geçirilen duşuşyk sebitara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny aňladyp, söwda-ykdysady we pudaklaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmekde tejribe alyşmaga, şeýle hem sebitara we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri geografiki uzaklyga garamazdan, sebitdäki döwletleriň we Karib deňziniň ýurtlarynyň ählumumy dialogy hem-de halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak meselelerinde meňzeş ornunyň bardygyny bellediler. Bu sebitleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin möhüm şertdir.

IMG_2841.jpg

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýanyň diplomatlary daşary ýurt maýadarlaryna sebitdäki işlerini ösdürmäge mümkinçilik berýän dürli maýa goýum mümkinçilikleri we gurallary barada gürrüň berdiler. Merkezi Aziýa sebitiniň ulag-logistika mümkinçiliginiň ösmegine we ÝB-niň Orta geçelgäniň ösüşine bolan gyzyklanmasynyň artýandygyna aýratyn üns çekildi.

Ýamaýkanyň ilçisi Simona Betton-Naýo Karib deňziniň ýurtlarynyň adyndan çykyş edip, öz ýurdunyň ýerleşýän sebiti bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny nygtady. Hususan-da, ol Afrika, Karib we Ýuwaş ummany döwletleri guramasynyň (OACPS), Latyn Amerikasynyň we Karib deňziniň ýurtlarynyň bileleşiginiň (CELAC) hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem ol ýurdunyň howanyň üýtgemegi, innowasiýalar, ynsanperwer we söwda dialoglaryny ösdürmekde tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtady.

IMG_2833.jpg

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow uzak aralyklara garamazdan, ýurduň ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi. Brýusseliň şeýle duşuşyklar üçin amatly meýdança bolup durýandygyny belläp, ol Türkmenistanyň şu formaty goldamagy we ösdürmegi dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistan barada wideoşekiller görkezildi.

IMG_2837.jpg

Duşuşyga gatnaşanlar wiza düzgüniniň möhüm meselelerini, uçuşlaryň sanyny köpeltmek we uçuşlaryň geografiýasyny giňeltmek, syýahatçylyk, bilim, sanlylaşdyrmak (şol sanda, elektron hökümet taslamalary), medeni-ynsanperwer gatnaşyklar we demokratik institutlary güýçlendirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

IMG_2821.jpg

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Merkezi Aziýanyň, Mongoliýanyň, Karib deňziniň ýurtlarynyň we ÝB-niň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen düýpli dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026