

BYD London üçin täze iki gatly awtobuslary ibermegi meýilleşdirýär
Hytaýyň BYD awtomobil öndürijisi Angliýanyň paýtagtyny iki gatly awtobuslar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşige gatnaşýar.


Hytaýyň BYD awtomobil öndürijisi Angliýanyň paýtagtyny iki gatly awtobuslar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşige gatnaşýar.


Aşgabat şäher telefon ulgamy “Call centre” hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär. Bu hyzmat edaralara, kiçi we orta kärhanalara ýüz tutmalary kabul etmegi hem-de müşderileri hödürlenilýän hyzmatlar barada habardar etmegi guramaga mümkinçilik berýär.


21-njy maýda, sişenbe güni, Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümleri ýerlenildi.


22 — 24-nji maý aralygynda türkmen wekiliýeti demirýol ulagy boýunça «CAREC» (Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy) iş toparynyň Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilýän 8-nji mejlisine gatnaşýar. Onuň gün tertibindäki esasy meseleler tehniki ýardamlary amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler barada hasabat bermekden, indiki ädimleri ylalaşmakdan hem-de demirýol ulgamyny hususylaşdyrmak, özgermeler we maýa goýum ugurlary boýunça usulyýetleri hem tejribeleri alyşmakdan ybaratdyr.


22-nji maýda, çarşenbe güni Deutsche Bank AG bankynyň Frankfurtdaky ýerleşýän ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky konsuly Myrat Özbekbaýew Demirgazyk we Gündogar Ýewropa boýunça sebit bölüminiň ýerine ýetiriji baş direktory Ýorg Bongartz bilen duşuşyk geçirdi.


22-nji maýda, çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.


Şu ýyl Türkmenistanyň sebitlerinde ýene bäş sany suw arassalaýyş desgasyny işe girizmek meýilleşdirilýär ýagny Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Gyzylarbat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Türkmengala etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.


Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine sowgat berildi.


Sişenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew bilen GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlise taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.


Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek üçin serhetýaka ýollaryny giňeltmegi maksat edinýär.


Merkezi Aziýa Halkara institutynyň direktory Žawlon Wahabowyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli Daşkentde bilelikdäki ylmy maslahaty geçirmek baradaky teklibi goldanyldy.


20-nji maýda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýeňil senagatyň hem-de nebithimiýa pudagynyň önümleri ýerlenildi.


23 – 26-njy maý aralygynda Stambulda «Automechanika Istanbul – 2024» atly awtoulag komponentleriniň, enjamlarynyň we satuwdan soňky hyzmatlaryň halkara sergisi geçiriler. Awtoulag şüweleňi hem-de awtoulag esbaplarynyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we abatlaýyş enjamlarynyň sergisi awtoulag öndürmek, paýlamak we abatlamak ulgamynyň ähli hünärmenlerini bir ýere jemleýär.


«Mançester Siti» futbol boýunça Angliýanyň çempionatynda yzly-yzyna dört gezek ýeňiji bolan ilkinji topar boldy.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Latwiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Reýnis Trokşa Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.