HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň geňeşi Aşgabatda 12 meseläni ara alyp maslahatlaşar

Maý 22, 2024 | 13:01 |10047
Sişenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew bilen GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlise taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.Sişenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew bilen GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlise taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Sişenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew bilen GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlise taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 24-nji maýda, anna güni Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garadylar.

Duşuşygyň gün tertibi 12 meseläni öz içine alýar. Däp bolşy ýaly, Geňeşiň agzalary dar görnüşde Arkalaşygyň çäklerindäki ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri barada pikir alyşarlar.

Giňişleýin görnüşde energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň Konsepsiýasynyň taslamasyny we ony durmuşa geçirmek üçin ilkinji nobatdaky çäreleriň Meýilnamasyny, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň çäginden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça Hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär.

Mundan başga-da, mejlisde saglygy goraýyş, himiýa senagaty, howply galyndylary dolandyrmak we intellektual eýeçilik çygryndaky hukuk bozulmalaryna garşy göreşmek babatynda birnäçe resminamalary kabul etmek meýilleşdirilýär.

Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň gün tertibinde ýene bir mesele Aşgabat şäheriniň Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleri şäheri diýlip yglan edilmegi bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026