Habarlar

Türkmenistanda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 2-nji integrirlenen olimpiadanyň I tapgyryna badalga berildiTürkmenistanda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 2-nji integrirlenen olimpiadanyň I tapgyryna badalga berildi

Türkmenistanda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 2-nji integrirlenen olimpiadanyň I tapgyryna badalga berildi

Aşgabatda we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 2-nji integrirlenen olimpiadanyň I tapgyryna badalga berildi. “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiada mekdep okuwçylarynyň gyzyklanmasy diýseň ýokary boldy. Ilkinji tapgyra gatnaşan 25 müňe golaý okuwçy öz zehinlerini açyp görkezmek üçin Zehin soraglary (IQ test), Matematika, Fizika, Himiýa we Biologiýa dersleri boýunça ýumuşlary türkmen dilinde ýa-da dil başarnygyna laýyklykda iňlis dilinde ýerine ýetirdiler. Ýatlap geçsek, şu ýylyň başynda 2023-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen integrirlenen olimpiadanyň meseleleriniň çözüliş usullary uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirilipdi.