HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parahatçylyk dialogynyň medeniýeti boýunça bäsleşik Aşgabatda 10 ýurtdan gatnaşyjylary bir ýere jemledi

Maý 23, 2024 | 21:10 |11213
23-nji maýda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik öz işine başlady.23-nji maýda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik öz işine başlady.
Çeşme: iirmfa.edu.tm

23-nji maýda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik öz işine başlady.

Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guraldy. Halkara bäsleşige Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýäniň, Hytaýyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy: daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyplar.

Снимок экрана 2024-05-22 200549_1716431384.jpg

Dabaranyň açylyşynda Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew, institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Sapar Berdinyýazow, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, syýasy ylymlarynyň kandidaty Igor Okunew çykyş etdiler.

Çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky tagallalary wagyz etmek ýörelgelerinden gözbaş alýan bu halkara bäsleşigiň ähmiýeti dogrusynda bellediler.

Снимок экрана 2024-05-22 201250_1716431387.jpg

Bäsleşigiň açylyş dabarasynda talyplar toparlarynyň aýdym-sazly we döredijilik çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, şondan soň bäsleşige gatnaşyjylar şahsy we toparlaýyn görnüşinde ýazuw-barlag işlerine we test sowallaryna jogap bermäge girişdiler. Bäsleşik 25-nji maýa çenli dowam eder.

Bir gün öň paýtagta gelen myhmanlar Türkmenistanyň Ýokary diplomatiýa mekdebi bilen tanyşdylar, onuň muzeýlerine, «Ýaş žurnalist» ylmy-döredijilik gurnagyna, «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetiniň redaksiýasyna baryp gördüler we institutyň okuw studiýasy tarapyndan ýörite guralan «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdylar.

Снимок экрана 2024-05-22 201438_1716431388.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026