HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Maý 25, 2024 | 00:23 |11608
Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji maýda GDA agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Döwlet baştutany olar bilen özara gatnaşyklar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ýakyn geljek üçin häzirki ugurlary barada pikir alyşdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji maýda GDA agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Döwlet baştutany olar bilen özara gatnaşyklar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ýakyn geljek üçin häzirki ugurlary barada pikir alyşdy.
Çeşme: açyk çeşmelerden

Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji maýda GDA agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Döwlet baştutany olar bilen özara gatnaşyklar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ýakyn geljek üçin häzirki ugurlary barada pikir alyşdy.

Hususan-da, döwlet baştutanynyň Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparowy bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, ulag geçelgerini ösdürmegiň we elektrik energiýasynyň import edilmeginiň ähmiýeti bellendi.

Akylbek Žaparow 2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 63 million 546 müň ABŞ dollaryna barabar boldy we gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynda söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini belläp geçdi.

Akylbek Žaparow ýakynda Aşgabada açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň heýkeliniň otyrdylandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna garaşylýandygyny aýtdy.

018A7945rt.JPG

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow bilen geçirilen duşuşykda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, oba hojalygynda gazak-türkmen bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy we söwda-ykdysady gatnaşyklara baha berildi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy ýylyň dowamynda 28% ýokarlandy we 563 million dollar boldy. Şu ýylyň üç aýynyň netijeleri boýunça, özara söwda 105 million dollar boldy, diýip Olžas Bektenow belledi.

Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenko Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygynda Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň özara gyzyklanma bildirýän netijeli ugurlarynyň bardygyny aýtdy. "Bu ilkinji nobatda oba hojalygy, senagat, gurluşyk we ulag pudaklary"- diýip Premýer-ministr belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň indiki ýygnagyny ýakyn wagtda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

000022_1716552933_636613_big.jpg

Roman Golowçenko Türkmenistanyň Hökümetine türkmen talyplaryna Belarus Respubliksynda okamaga döredýän mümkinçilikeri we bildirýän ynamlary üçin hoşallygyny beýan etdi we Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde isleg bildirýän hünärmenleri taýýarlamak tejribesini pandemiýadan öňki döwürdäki derejede dikeltmäge gyzyklanma bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi barada pikir alyşdy.

Таджик.jpg

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we durnukly ösüşiň oňyn depginini saklamagyň, şuňa baglylykda söwda-ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň aýratyn orny barada nygtaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026