HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türk aşhanasynyň hepdeliginiň» çäklerinde Aşgabatda çäre geçirildi

Maý 24, 2024 | 14:40 |10646
21 – 27-nji maý aralygynda Türkiýede we daşary ýurtlarda «Türk aşhanasynyň hepdeligi» halkara maksatnamasy durmuşa geçirilýär.21 – 27-nji maý aralygynda Türkiýede we daşary ýurtlarda «Türk aşhanasynyň hepdeligi» halkara maksatnamasy durmuşa geçirilýär.
Çeşme: orient.tm

21 – 27-nji maý aralygynda Türkiýede we daşary ýurtlarda «Türk aşhanasynyň hepdeligi» halkara maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Bu çäre milli tagamlary wagyz etmek maksady bilen, Türkiýäniň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdoganyň başlyklyk etmeginde geçirilýär.

«Türk aşhanasynyň hepdeligi» Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan utgaşdyrylýar. Maksatnamanyň çäklerinde ýurduň dünýädäki diplomatik wekilhanalary tagamlary wagyz etmek üçin dürli çäreleri we sosial ulgamlarda dabaralary geçirýärler.

Şeýlelikde, şuňa meňzeş çäre Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hem guraldy.

Myhmanlara Türkiýäniň Egeý sebitiniň däp bolan tagamlary hödürlendi. Tagamnama dürli görnüşli zeýtunlar, peýnir, meşhur tarhana çorbasy, müžwer (gabak byzmygy), ysmanakly byzmyk, Izmir usulynda taýýarlanan köfte we goýy doňdurmaly injir süýjüligi bar.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok ýygnananlara ýüzlenip, milli saçaklaryň türk halkynyň jomartlygynyň, aragatnaşyga we raýdaşlyga bolan söýgüsiniň beýanydygyny aýtdy. Sahylyk bilen bezelen saçak türkleriň myhmansöýerligini, myhmana aýratyn hormat goýulýandygyny görkezýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026